logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Jadyly ertekiler

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri şäheriň 48-nji çagalar bagynda körpejeler bilen “Jadyly ertekiler” atly çagalar ertirligini geçirdiler. Türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki. Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.