logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

JADYLY ERTEKILERIŇ DÜNÝÄSINDE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Jadyly ertekileriň dünýäsinde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede bagtdan paýly çagalaryň tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri, ýaş nesiller üçin Watana, ene topraga, zähmete bolan söýgüniň ösmegine, batyrlyk, dogruçyllyk ýaly asylly sypatlaryň kämilleşmeginde ertekili kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.