logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Jahanda kitap dek dost bolmaz

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 85-nji çagalar bagynda “Jahanda kitap dek dost bolmaz” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çeper okaýyşda mähriban Watanymyzyň körpe balalary aýratyn üns aladalar bilen zähmetsöýerlilik hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini beýan etdiler. Kitaphana işgärleri çagalara kitabyň iň ajaýyp dostdugyny, maslahatçydygyny, kitap okaýan adamyň dünýäsiniň giň, ruhubelent, ýatkeşligiňi ýiteldýändigini belläp, kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berdiler. Çagalar bagynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we olaryň arasynda ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alyşyldy.

Çärä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.