logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

JAHANKEŞDELIK: TÄSINLIKLER BILEN TANYŞLYK

12-16-njy maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylygy mahabatlandyrmak we ösdürmek agentligi tarapyndan guralan Trabzon we Rize welaýatlaryna syýahatçylyk gezelenji žurnalistlerde täsirli we ajaýyp duýgulary galdyrdy.

Türkmen žurnalistleriniň soňky syýahaty Türkiýäniň Rize welaýatynyň esasy nokady «Aýder» meşhur ýadygärligine baryp görmek bilen jemlendi.

Bu täsin syýahatçylyk merkezi, dag gerşli çemenlikleri we Türkiýäniň Gara deňziniň adaty arhitekturasy bilen meşhur Aýderiň ajaýyp daglyk sebitinde ýerleşýär.

Bu syýahatçylyk gezelenje «Medeniýet we syýahat» žurnaly, «Türkmenistan TV4» teleýaýlymy, «Biznes Türkmenistan», «Türkmenportal», «Orient», «News Central Asia», «Atawatan Türkmenistan» internet neşirleriniň wekillerinden ybarat bolan žurnalistler gatnaşdy.