logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

JEMGYÝET WE KANUNÇYLYK

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işgärleri bilen Türkmenistanyň Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgeşmeleri we goşmaçalary düşündirmek, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, kanun bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we giňden wagyz etmek maksady bilen duşuşyk ýygnagy geçirildi. Duşuşyk ýygnagynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgeşmeleri we goşmaçalar barada giňişleýin beýan edip, syýasy jemgyýetçilik durnuklylygyny gazanmakda, hukuk jemgyýetini berkarar etmekde, Watanymyzy ösdürmekde munuň möhüm ähmiýete eýedigini, her bir raýatyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny bilmelidigini hem-de berjaý etmelidigini bellediler.