logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA PAÝHASLAR ÖÝI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda yglan edilýän paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň Döwlet kitaphanamyza ýygy-ýygydan gelip, köp kitap okaýan okyjylaryň arasynda yglan edilýän “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny hem-de ýürek buýançlaryny beýan etdiler.