logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KALBY ŞATLYKDAN DOLY ÇAGALAR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja bagynyň bilelikde gurnamagynda “Kalby şatlykdan doly çagalar” atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Ýaş nesliň kämil terbiýe we çuňňur bilim almagy, tebigy zehinleriniň açylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly mümkinçilikler döredilýär. Owadan ülkämizde zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary çeper döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen ylymlaryň bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary döredijilik, sungat bilen meşgullanmaklary, bilim almaklary hem-de özleriniň ukyp başarnyklaryny açyk görkezmäge ajaýyp kitaphanamyz tarapyndan birnäçe çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu günki gün hem bakja bagynda terbiýelenýän zehinli çagalar kitaphanamyzyň çagalar okalga zalynda özleriniň Watanymyzy wasp edýän aýdymlarydyr, owadan tanslary bilen çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda kalby şatlykdan doly çagalar hakynda çäksiz alada edýän we olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak hem-de ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek üçin, ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.