logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy” atly söhbetdeşlik geçirildi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň şatlyk-şowhuna beslenip belleniljekdigini bellemek bilen, Garaşsyzlygymyzyň egsilmez güýjünden, ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça ajaýyp üstünlikleriň gazanylýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Döredijilik bilen meşgullanýan kitaphana işgärleri bolsa özleriniň Watanymyzy wasp edýän şygyrlaryndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda öz alyp barýan syýasaty bilen ady dünýä dolan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.