logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KALPLARA ÝOL SALAN USSAT

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli kitaphananyň sungat bölümçesiniň gurnamagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu ýerde şahyryň kitaplarynyň sergisi guraldy. Dabarany kitaphananyň halypa işgäri kitaphanaçy Ýoldaş Mullaýew alyp bardy. Şahyr öz ömri döredijiligi, geçen döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüň berdi. Duşuşyga gatnaşyjylar onuň döwlet galamyndan syzylyp çykan goşgularyny çeper okadylar. Dabaranyň dowamynda şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar dutarda ýerine ýetirildi.