logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kalplarda orun alan akyldar şahyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi esasynda «Kalplarda orun alan akyldar şahyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Magtymguly Pyragynyň şygyrlary asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary ýaş nesillere bilim, terbiýe bermekde, umumyadamzat gymmatlyklaryny olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birnäçesini okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.