logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KALPLARDA ORUN ALAN PYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kalplarda orun alan Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy-öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde adamzadyň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözleri halkymyzyň edep-terbiýe mekdebiniň, ahlak-ýörelgeleriniň ählisi babatda kämilliginden habar berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, kämil eserleri ýagşylygyň we edepliligiň gönezligidir. Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklarynyň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamaga, düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.