5-7-nji iýuny aralygynda ýurdumyzda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki doganlyk halky birek-birege has-da ýakynlaşdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Bu medeni baýramçylygyň çäginde Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde geçirilen çäreler ruhy gymmatlyklaryň hem-de edebi mirasyň dabaralanmasyna öwrüldi. 6-njy iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda halkymyzyň beýik akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Seýit Azim Şirwanynyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat ylmyň we edebiýatyň edebi dostluk köprüsiniň has-da berkeýändigini aýan etdi. Myhmanlar türkmen myhmansöýerligine gör-ä, duz-çörekli garşylandy. Medeniýet, sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary hakyky baýramçylyk şowhunyny döretdi. Dabara gatnaşyjylar kitaphananyň eýwanynda guralan «Kitaplar — giň dünýäniň gapysy» atly bilelikdäki kitap sergisi, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide gadymy neşirler, sungat eserleri, milli saz gurallary, nepis halylar, amaly-haşam sungaty eserleriniň seýrek nusgalary görkezildi.
Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen ylmy maslahatyň dowamynda iki doganlyk ýurduň medeniýet we ylym edaralarynyň wekilleri, edebiýatçy alymlar, ýazyjylar, kitaphanaçylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Döwletmämmet Azadynyň ynsanperwerlik pelsepesi we Seýit Azim Şirwanynyň aň-bilim, terbiýeçilik garaýyşlary nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy mekdepdir. Alymlar Azadynyň meşhur «Wagzy-azat» eserindäki ahlak kadalarynyň, kämil döwlet dolandyryşy hem-de jemgyýetçilik adalatlylygy baradaky nesihatlarynyň Şirwanynyň şahyrana dünýäsindäki pedagogik garaýyşlar bilen ajaýyp sazlaşygy döredýändigini nygtadylar.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam eden «Azerbaýjan — obýektiwden taryha tarap» atly fotosergi dostlukly ýurduň baý geçmişini, medeniýetini aýdyň açyp görkezdi. Onda azerbaýjan fotosuratçylarynyň döredijilik dünýäsine uly orun berildi. Gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden fotosergi doganlyk halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrdy.
Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäreleriniň Arkadag şäherinde hem geçirilmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde azerbaýjan mukamlarynyň ýaňlanmagy mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany bolup, dostluk owazlary belentden ýaňlandy Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti joşgunly owazlara beslendi. Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada ýerine ýetirilen aýdymlar dostlugyň ebedilik mukamlary bolup ýaňlandy. Dabaranyň başynda «Başym gurban bolsun Arkadagyma, başym gurban Arkadagly Serdara!» atly watançylyk aýdymyny Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa we «Dokmaçylar » folklor tans topary belent joşgun, uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýewiň aýtmagynda meşhur «Mukamyň syry» kinofilminden «Döwranyň aýdymy», Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedowyň «Meleguş» atly aýdymy tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem, Maýa Orazberdiýewanyň we «Meňli» tans toparynyň ýerine ýetiren «Ýürekdäki owazlarym» atly çykyşy, «Galkynyş» tans toparynyň ýerine ýetiren «Nergiz» tansy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Sözleri we sazy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymyny bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowa bilelikde ýerine ýetirip, iki halkyň aýdym-saz sungatynyň, şirin mukamlarynyň bitewüligini hem-de ýakynlygyny görkezdiler. Azerbaýjanyň Döwlet tans toparynyň ajaýyp sazlaşykly çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Topar giň maksatnamaly bu medeni forumda azerbaýjanyň milli medeniýetini, gadymy däp-dessurlaryny özünde jemleýän tanslary ýerine ýetirdiler. Ussatlyk hem ezberlik bilen ýerine ýetirilen çykyşlary tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar.
Konsertiň ahyrynda Gülýanak Mamedowanyň we Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň bilelikde ýerine ýetiren «Doganlyk aýdymy, dostluk mukamy» atly aýdymy dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Azerbaýjanyň Medeniýet günleri düýn gözel paýtagtymyzda dowam etdi. Ir bilen «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan çeper filmleriniň görkezilişi boldy. Kino muşdaklaryna «Arşyn mal alan», «Ene toprak» çeper filmleri görkezildi.
Şeýle hem düýn myhmanlar Aşgabadyň medeni we taryhy merkezlerine gezelenç etdiler. Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, halkymyzyň şöhratly geçmişi, medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlandylar. Olar bu ýerde dünýä meşhur türkmen halylarynyň taryhy, olaryň gölleriniň many-mazmuny hem-de nepis dokalan haly önümlerini synladylar. Bu gymmatlyklar myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat edebi gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Myhmanlar kitaphananyň girelgesinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserlerine, neşir önümlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Döwlet kitaphanasyna azerbaýjan edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini giňişleýin açyp görkezýän gymmatly neşirler sowgat berildi. Döwlet kitaphanasynyň adyndan bolsa Azerbaýjandan gelen hormatly myhmanlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sowgat berildi. Bu ýerde geçirilen ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň we Molla Panah Wagifiň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň taryhyndaky orny, olaryň ynsanperwerlik hem-de gözellik garaýyşlary barada pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda azerbaýjanly Hüseýinaga Aslanowyň labyzly okamagynda Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň goşgulary diňlenildi.
Düýn agşam Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen şowhunly konsert bilen jemlendi. Doganlyk ýurtdan gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda azerbaýjanlylaryň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Myhmanlar bu ajaýyp medeniýet baýramçylygynyň sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüni aýdyň şöhlelendirendigini belläp, çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler üçin iki ýurduň Baştutanlaryna hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.