logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kämil bilim – röwşen geljegiň açary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kämil bilim – röwşen geljegiň açary» ady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri höküminde kesgitlenýän ylym-bilime aýratyn ähmiýet berilýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Watanmyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr” diýip belleýşi ýaly bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de döwrüň talabyna laýyklykda öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimizde watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemek, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işleri has-da döwrebap derejede gurnalýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşlere sary ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.