Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hemde jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir.
Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Toýlary goşa-goşadan tutulýan türkmen halkynyň ýokary döredijilik ruhy, milli döwletlilik ýörelgeleri bu baýramçylykda
mynasyp beýanyny tapýar. Konstitusiýa biziň milli döwletliligimiziň, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyzyň beýany bolsa, baýdak halkymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Baýdak milli buýsançdyr. Baýdak dowamatdyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Kämil hukuk binýady” atly sergi geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa açdy.
Sergide Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we özözüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy Çemen Rejepowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň uly ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň bölümçe müdiri Gülaýym Saparmedowa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan sergide çykyş edenler Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýaşyl tugunyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, onuň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar. Şeýle-de Konstitusiýamyzyň döwlet gurluşynyň milli usulyny, türkmen halkynyň däpdessurlaryny we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi bellenildi.