logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KÄMIL SUNGATYŇ EÝESI»

Türkmenistanyň halk artisti Kiçi Geldimyradowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan

aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen aýdym-saz sungatyny we bu sungatyň dowam edip gelýän ýollaryny, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny öwrenmekde alym Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly ajaýyp kitaby biz mirasy öwrenijiler üçin taýsyz ylmy gollanma bolup durýar. Bu ajaýyp kitapda türkmeniň meşhur milli saz guraly barada söz açylyp: “Iki kirişli dutar rowaýatçylaryň, ozanlaryň, bagşylaryň hemmesiniň hemişelik hemrasy bolupdyr. Türkmen bagşy-sazandalary ony hemişe egninden asyp gezipdirler, oňa janly zat, dost hökmünde garapdyrlar we iň bir ähmiýetli hem pynhan syrlaryny ynanypdyrlar” diýmek bilen, türkmen dutarynyň her bir bagşy-sazanda üçin keramatly saz guraly hökmünde görülendigi barada örän jaýdar bellenilýär.

Şeýle gudratly saz guralyna erk edip, ençeme ilhalar aýdymlary ýerine ýetirip, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bagşylaryň biri hem Kiçi Geldimyradowdyr. Ol 1911-nji ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda dünýä inýär. Kiçi Geldimyradowyň bagşyçylyk sungatyna bolan ukyby eýýäm ýaşlyk ýyllarynda ýüze çykýar. Ýetginjeklik ýyllary hem ol gargydan tüýdük ýasanyp, saz çalar eken.

Aşgabada göçüp gelenlerinden soň bagşy Oraz salyr, Garly bagşy, Amangeldi Gönübekow, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Baky Maşak ýaly halypalar bilen işleşmegi aýdym-saz sungatyna has içgin aralaşmagyna we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Bagşy diňe bir halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, mukamçy bagşylaryň döreden täze eserlerini, şeýle hem goşa gargy tüýdügiň ýanynda ýanama aýdymlaryny hem ýerine ýetirer eken.

Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan Kiçi Geldimyradowa köp ýyllar çeken döredijilikli zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti», soňra bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.

Häzirki döwürde türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny özüniň şirin owazlary, ilhalar aýdymlary bilen bezän bagşylarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Olaryň döredijilik mirasyna bagyşlanan birnäçe dabaraly çäreler geçirilýär. Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan halypa bagşymyz Kiçi Geldimyradowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Kämil sungatyň eýesi” atly aýdym-sazly dabara hem muňa ýadyň mysaldyr. Bu aýdym-sazly dabara hormatly ýaşulylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem bagşynyň nebereleri gatnaşdy. Dabarada bagşynyň durmuş, ömür we döredijilik ýoly barada gyzykly söhbetler edildi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşanlar türkmen durmuşynyň ruhy hemrasyna öwrülen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, bu sungatyň halypa bagşy-sazandalaryny sarpalamakda döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Bizem ildeşlerimiziň ýürek arzuwlaryna goşulýarys. Goý, bagşyly hem bagtly ilimiziň iki kirişli meşhur dutarynyň sesi parahatçylygyň, bagtyýarlygyň sesi bolup ýaňlanyp dursun. Milli sungatymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Mähriban halkymyzyň her biriniň öý-ojagyna rysgal-bereket, bagtyýarlyk ýar bolsun.

Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.