logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KÄMILLIGE TARAP...

KÄMILLIGE TARAP...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwlet ähmiýetli işlerini dowam etdirýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş neslimizi giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlary hünäre ugrukdyryş işleri baradaky yzygiderli alnyp barylýan işlerinden ugur alyp Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda tejribeli mugallym Sylap Ataýew myhmançylykda boldy. Ol öz tejribesini talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlik arkaly paýlaşdy. Geçen mugallymçylyk tejribesi esasynda peýdaly maslahatlary hem ýaşlara berdi. Bu söhbetdeşlige konserwatoriýanyň mugallymlary we zehinli talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Mugallym Sylap Ataýew özüniň çykyşynda ynsan öz-özüni nähili kämilleşdirip biljekdigini we onuň esasylarynyň üstünde jikme-jik durup geçdi. Aýratynda her bir adam özüniň gündelik gün tertibine kitap okamak endigini girizip, yzygiderli kitap okamak bilen meşgul bolsa, onda ol kitap okamaýan adamdan tapawutly boljakdygyny has aýdyň düşündirdi.

Öz-özüňi kämilleşdirmekde ýene-de gerek bolan esasy zatlaryň biri öz ukybyňa laýyk gelýän ugruňy ýa-da käriňi tapmak bolup durýar. Adam haýsy işi näçe köp etdigiçe, ýadamagyň ýerine gaýta ondan lezzet alýan bolsa, onda şol iş boýunça yzygiderli özüni kämilleşdirip, hökman üstünlige ýeter. Emma öz tebigatyna gabat gelmeýän işi saýlap alsa onda oňa üstünlige ýetmekde birnäçe kynçylyklara sezewar bolup biler. Mugallymyň aýdan maslahatlaryndan has täsir galdyran jümleler: “ Ynsan kämillige ýetmek üçin hökman şu 3 zady başarmaly:

1. Özüňe laýyk gelýän dogry işi saýlamaly;

2. Şol işiň üstünlikli bolmak üçin dogry jemgyýet saýlamaly

3. Şol işi amala aşyrmak üçin dogry wagt saýlamaly”

Dogry wagt bolsa hökman şu wagt. Sebäbi adamyň kellesine gelen islendik pikir ýa-da arzuw birnäçe sagatdan soň özüniň güýjini gaçyrmak ähtimallygy bar. Şonuň üçin belli bir maksat tutanyňdan soň, hökman ony durmuşa geçirmeli we kämilleşdirmek bilen meşgul bolmaly.

Umuman aýdanyňda tejribeli mugallym Sylap Ataýewiň «Kämillige tarap...» atly bu gezekki söhbetdeşligi özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy. Biz ýaşlar üçin kämil derejede okamaga, öwrenmäge, tejribeli mugallymlar bilen yzygiderli söhbetdeş bolup, dünýägaraýşymyzy has-da giňeltmäge birnäçe şertler döredilýär. Şu zatlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp-köp minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!



Aýläle GULMURADOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň I ýyl talyby