logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY KITAP

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam, edýän günlerinde, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda «Kämilligiň gözbaşy kitap» ady bilen duşuşyk geçirdi. Kitaphana hünärmenleriniň kitap okamaklygyň adamzat durmuşynda tutýan orny we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplardan peýdalanmaklygyň ähmiýeti dogrusyndaky beren gürrüňlerini dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller uly höwes bilen diňlediler. Göçme kitap sergimizdäki neşir önümleri ýaşlarda kitap okamaklyga höwes döretdi.

Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna deňeýän kitaplary döwrebap usullarda neşir edip, okyjylar köpçüligine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly |Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.