Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygy mynasybetli “Kämillik ýolunda yz goýan ussat kompozitor” atly ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de saz sungatydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar” diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň ady saz äleminde giňden tanalýar. Ol Türkmenistanyň saz medeniýetini baýlaşdyran kompozitorçylyk mekdebiniň ýaşuly nesliniň wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi žanrlarynyň köpdürlüligi, saz diliniň aýdyňlygy, mylaýymlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halk aýdymlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulan, D.Öwezowyň milli sazlaryna mahsus ajaýyp şirin owazly heňleri onuň kompozitorçylyk ussatlygyndaky ýokary professional döredijiligini emele getirýär. Kompozitoryň döredijiliginde möhüm orny wokal sazlary tutýar. Ussat kompozitor türkmen opera sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredijidir. Özüniň operalarynda, wokal-simfoniki sazlarynda, kamera-wokal eserlerinde ol mähriban halkymyzyň durmuşyndan pagtaçylaryň, gurluşykçylaryň, nebitçileriň we Hazaryň balykçylarynyň edermenliklerini wasp edýär. D.Öwezowyň A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazan “Şasenem-Garyp”, “Aýna”, “Gül-Bilbil”, Ý.Meýtus bilen bilelikde “Leýli-Mejnun” operalary, ençeme aýdymlary, romanslary, hor eserleri türkmen saz mirasyna uly goşantdyr.
Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň ussat kompozitor hakynda ýazan makalasyndaky: Daňatar Öwezow zähmetsöýer, başarjaň, alňasamazak, kanagatly, bilesigeliji, ýadamazak adamdy. Ony diňe bir sungat däl, oba hojalygy, senagat, lukmançylyk, sport, bir söz bilen aýdanyňda durmuşyň hemme tarapy gyzyklandyrýady. Daňatar aga halk ogludy. Halkyna berlen adamdy. Iliň bähbidine garrady. Başarsa, her kime ýardam etjek bolardy. Maslahat soraýanlara guwanardy, ýol salgy bererdi “ diýen ajaýyp ýatlamalary söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Ussat kompozitor 150-den gowrak aýdymlaryň we romanslaryň awtory. G.Seýitliýewiň goşgularyna “Täzegül”, “Aşgabat”, “Hally gözel”, “Gyzlar”, “Tokmak we ýalta”; Magtymgulynyň goşgularyna “Halyma”, “Bu derdi”, G.Burunowyň goşgularyna “Ýok, ýok”, “Aýnabat”; B.Japarowyň goşgularyna “Keýpim kök”, “Ol gyz maňa garamady “, “Dostluk” we başgalar degişlidir. Kompozitoryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki köptaraply işleri göz öňünde tutulyp, oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylýar (1961ý). Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. (1966ý) we “Hormat Nyşany” (1950), “Zähmet Gyzyl Baýdak” (1955ý) ordenleri, medallar we Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Nuryýewa Maral
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri