Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Kanun we baýdak–döwletliligi aňladýan milli gymmatlyklar» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň her bir güni göwünlerimizi joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara hem-de toý–baýramlara beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şöhratly senesi munuň buýsançly subutnamalarynyň biri bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.