logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KANUNYM, BAÝDAGYM–GOŞA BUÝSANJYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Kanunym baýdagym–goşa buýsanjym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary Watanymyzy wasp edýän birnäçe ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.