logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KARAOKE» ATLY BÄSLEŞIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek maksady bilen birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde “Karaoke” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşyp özara bäsleşdiler.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Oňa gatnaşýan toparlar bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda türkmen we daşary ýurt estrada aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşige gatnaşyjylaryň diňe bir aýratynlykda ses ukyby däl-de, eýsem, aýdymy toparlaýyn ýerine ýetirijilik ussatlygy hem emin agzalary tarapyndan bahalandyryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda netijeler jemlenip, ýeňiji toparlar şowhunly el çarpyşmalar astynda yglan edildi.

Bäsleşige gatnaşanlar milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlaryñ zehinlerini doly açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Abadan MEREDOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby