Türkmen milli amaly-haşam sungatynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem bahar ýaýlasy deýin owadan keçelerdir. Keçeler türkmen durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu gadymy senet, müdimi sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň miwesi bolup, milletimiziň döreden maddy we ruhy medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr.
Örän irki döwürlerden bäri keçe önümçiligi tutuş türki halklarynyň arasynda giň gerime eýe bolupdyr. Keçe taýýarlamak türkmen halkynyň hem gadymy we çeper el hünärleriniň biridir. Ol häzirki günlere çenli milli özboluşlylygyny saklap gelýär. Keçe önümçiligi çig malynyň elýeterliligi bilen has hem meşhur bolupdyr. Ulanmak üçin amatly, saglyk üçin diýseň peýdaly bolan türkmen keçesi gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen gözelligiň nusgasy derejesine ýetirilipdir.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, döwletli Diýarymyzyň medeni mirasyny, taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, goramak we aýawly saklamak, olary indiki nesillerimize geçirmek, halk arasynda giňden wagyz etmek babatynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
Hut şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe milli muzeýinde “Keçe basmagyň milli tejribesi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynyň çäginde keçe önümleriniň we milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Duşuşyga Ahal welaýatynyň keçe taýýarlamaga ussat gelin-gyzlary gatnaşdy. Duşuşygyň çäginde keçe senetçiligi, keçe basmakda ulanylýan gurallar, çig malyny taýýarlamak, keçe önümleri, ulanylýan ýerleri, nagyşlary, döwrebap keçeler, ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmeklige berilýän üns barada giňişleýin söhbetler edildi.
Sözümiziň ahyrynda, sungat derejesine ýetirilen gymmatlyklarymyzyň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeli başlarynyň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, bahar ýaýlasyny ýatladýan gülli keçeler baý mirasymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp nusgasy bolup törlerimize gelşik-görk bersin. Kemine şahyryň aýdyşy ýaly türkmen zenanynyň döreden nusgawy gymmatlyklary “nusga bolup galsyn ilden-illere”.