Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda, «Miras» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda, türkmeniň keçe sungaty barada söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeleriň güneşe baý ýurdumyzyň ähli ýerinde öýlerimiziň törüni bezeýändigini, gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten keçäniň ynsanyň saglygy üçin örän ýaramlydygyny açyp görkezýän many-mazmunly çykyşlar edildi. Şeýle hem, keçäniň taýýarlanyş usuly ähli ýerde birmeňzeş bolsa-da onuň nagyşlarynda, ölçeginde we agramynda tapawudynyň bardygy, meselem, ýurdumyzyň günbatar künjeklerinde taýýarlanylýan keçeler özüniň diňe bir nagyşlary boýunça däl, eýsem, göwrümi, hili bilen hem beýlekilerden tapawutlanýandygy muzeý hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilip geçildi.
Şeýle hem çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.