logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KEŞT EÝLEÝIP BU JAHANA» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY ANNA KOWUSOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 105 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlap “Keşt eýleýip bu jahana” atly çeper okaýyş geçirdi.

Kitaphana hünärmeni ussat şahyr Anna Kowusuwyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de onuň kitaplarynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde tutýan orny, şahyryň goşgularynyň many-mazmuny dogrysynda täsirli gürrüňleri berdi. Şahyryň eserleri çuňňur pikir we giň dünýägaraýyşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Anna Kowusow halklaryň dostlugyny höwes bilen belleýär we türkmen halk döredijiliginiň däplerini ösdürmeklikde döreden eserleri babatynda berilen täsirli gürrüňleri okuwçylar uly gyzyklanma bilen diňlediler. “Ajaýyp surat”, “Ak jerenler”, “Baky dirilik”, “Altyn depeler” atly kitaplaryndan çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar goşgulary ýatdan we labyzly aýdyp berip çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyzy we medeniýetimizi ösdürmäge goşant goşan adamlaryň döredijilik ýolyny öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar.