logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«KIDS EXPO 2025: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ADY BILEN GEÇIRILEN HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY

«Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Sergide dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilen sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Sergi üç günläp dowam etýär. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.