logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy

“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem, sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilýän sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Geçirilýän şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylar hem gatnaşdylar.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesilleriň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak, şeýle hem, çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.