logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KIDS EXPO2025: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ADY BILEN GEÇIRILEN HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ IKINJI GÜNI

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ikinji gezek geçirilen «Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzyň hem-de paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden sergini görmäge gelen ildeşlerimiziň ünsüni özüne çekdi «Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Sergide dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilen sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.