Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzyň hem-de paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden sergini görmäge gelen ildeşlerimiziň ünsüni özüne çekdi . Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy.
Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.