logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KIDS EXSPO 2025 ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN»

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Kids Exspo 2025 Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergisine gatnaşdy. Kitaphanamyza degişli pawillionda çagalar üçin niýetlenilen gyzykly ertekili kitaplar çara gatnaşyjylarda aýratyn tasir galdyrdy. Hem-de körpe kitapsöýüjileriň arasynda kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan kiçeňräk bäsleşik yglan edildi. «In köp kitap okaýan çaga», «Minutda köp söz okamak», «Erteki gahrymanlaryny tanamak» ýaly geçiren bäsleşigimizde ýokary netijeleri görkezen çagalara Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň Ilkinji Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan kitap we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kardeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan mekdep torbalary sowgat berildi.

Çagalarda kitap okamaklyga höwes döretmek, kitap bilen dostlaşmak we kitabyň adamzat durmuşynda tutýan mohum orny barada giňişleýin düşünje bermek maksady bilen geçirilen bäsleşik gyzykly hem tasirli geçdi.

Çärämiziň ahyrynda ona gatnaşanlar eziz diýarymyzy çagalaryň in arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.