logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kim biler?

Farap etrap merkezi kitaphanasy, etrabyň 3-nji çagalar bakja bagynyň uly topary bilen “Kim biler” atly bäsleşigini geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler geljegimiz bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Körpeler bilen guralýan sözleýşi ösdürmek sapaklarynda we beýleki sapaklarda matallar, tapmaçalar has köp peýdalanylýar. Bu ýagdaý çagalaryň pikirleniş ukybyny, özbaşdak netije çykaryp bilmegine haýsydyr bir zadyň sypatynyň ýa-da häsiýetiniň üsti bilen onuň nämedigini tanamak ukybyny ýüze çykarýar. Matallar türkmen halk döredijiliginiň iň gyzykly we özboluşly görnüşleriniň biri hasaplanýar. Matallary tapmaça diýip hem atlandyrylýar. Tapmaçalaryň jogabyny bilmekde pikir etmek, oýlanmak, nämedir bir zadyň syryny açmak diýen ýaly manylaryň esasynda dörändigini düşünmek kyn däl.