logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KIM KITAP OKADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Kim kitap okady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenip, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, iň oňat şertlerde okamaklary dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökdere jülgesindäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şu günler tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin birnäçe kompýuter otaglary şeýle-de kitaphana bolup, olar özleriniň halaýan ertekili kitaplaryndan birnäçesini okap sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýarlygyny Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine, beýik geljegine deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.