logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kim köp erteki bilýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji çagalar bagynyň bilelikde guramagynda «Kim köp erteki bilýär» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän žanrlaryň biri türkmen halk ertekileri bolup, bu ertekiler çagalarda çeper sözlülik, ýatkeşlik, pikirlenmeklik ýaly birnäçe häsiýetleri ertekilerden tapyp bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlarynyň ählisiniň jemlenendigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda çagalara okamaga, bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.