Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 182-nji çagalar bagynda “Kim köp erteki bilýär” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanyň hünärmeni çagalara türkmen halk ertekilerden “Şadyýan horaz”, “Akylly Ahmet”, “Aldanan möjek”, “Öwez öýkelän”, “Ady barda özi ýok”, “Gorkana goşa görüner” ertekileri okap berdi. Çagalar ertekileri uly höwes bilen diňlediler. Soňra hünärmenimiz bilen çagalaryň arasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň soňunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.