logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kim köp erteki bilýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda «Kim köp erteki bilýär» ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

Geçirilen çeper okaýyşda körpeje nesillerimiziň öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin gurulan dynç alyş merkezleriniň sany barha artýandygy, diňe bir dynç alyş merkezleri bilen çäklenmän ýurdumyzda gurulýan çagalar baglarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň sany hem gün-günden artýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler we birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler hem-de ertekilerdäki gahrymanlar barda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda çagalara dynç almaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.