logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaba hem-de hünäre sarpa

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen “Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mynasybetli söhbetdeşlikler ýazgy edildi.
Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana işini döwrebap ýola goýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny peşgeş berýän ajaýyp eserlerinde hem görmek bolýandygyny, eserleriň ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de “Altyn asyr: Türkmenistan”, ”Miras” we “Aşgabat” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edilen hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boýunça söhbet etdiler.