logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda “Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr” atly ýaşlarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Körpe kitap söýüjilere diňe mekdep möwsüminde dal, eýsem, dynç alyş günlerinde hem kitapdan üzňe bolmazlyk, çagalaryň kitap bilen dostlaşmagyny gazanmak kitaphanaçylaryň esasy wezipesidir. Çagalaryň durmuşynda kitap dükanlaryna baryp görmek, kitaplar bilen tanyşmak olaryň diňe bir sowatlylygyna däl-de psihologiýasyna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine täsir edýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaba sarpa goýýan jemgyýeti kemala getirmeklikde durmuşa geçirýän asylly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.