logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP ADAMZADYŇ RUHY HEMRASY

KITAP ADAMZADYŇ RUHY HEMRASY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kitap adamzadyň ruhy hemrasy» atly sergi, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Aslynda, ata-babalarymyz hem pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaba hormat bilen sarpa goýupdyrlar. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan kitap baradaky nakyllardan, dana pähimlerden görnüşi ýaly, kitap–bu geçeni, geljegi öwredýän danadyr, kitap ynsanyň aklyny goýaldyjy dosty, mugallymy onuň baky hemrasydyr. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.