Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kitap – adamzat kalbynyň dürdänesi» ady bilen kitaphanada gezelenç gurnaldy.
Gezelenje gelen çagalara kitaphanalar ruhy we medeni gymmatlyklaryň merkezi bolup, kitap okamagyň ähmiýetiniň uludygyny, kitap ýürekdeş dost, egsilmez hazynadygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap okamak ynsanyň pikirlenişini ösdürýändigi, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde kitap okamagyň oňat täsir edýändigi hakynda aýtdylar. Mundan başga-da kitap okaýan ynsanlaryň kalby hemişe şatlyk, begenç duýgusy bilen doly bolup, maksada okgunly hereket etmäge ruhlandyryp, kitaplaryň üsti bilen hemme zada akyl ýetirip, öwrenip bolýandygy barada belläp geçdiler.
Gezelenjiň ahyrynda ýaş nesilleriň geljegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.