logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP –AJAÝYP DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Kitap –ajaýyp dünýä ” atly kitaphana syny geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, 2025-nji ýyly “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde çünki Türkmen halky bilen goňşy halklaryň köpasyrlyk taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Dost-doganlyk ýurtlarymyzyň kitaplary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň baý gaznasyny has-da baýlaşdyrýar. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda goňşy döwletimiz Azerbeýjan döwletiniň “Azerbeýjan Milli kitaphanasy”-atly kitabynyň gelip gowuşmagy mynasybetli kitaphana syny geçirildi. Bu kitap Azerbeýjanyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan. Kitap ýokary derejede çap bolup Milli kitaphanasy barada maglumatlar giňden beýan edilýär. Kitaphana syna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda hem-de Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň ýokary synyp okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitap sergisi hem geçirildi.

Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary ýaýbaňlandyryldy. Kitap sergi bölümiň okalga zalynda geçirildi. Kitaphana syna we kitap sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.