logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP-ÄLEM SYRYNYŇ AÇARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda «Kitap-älem syrynyň açary» atly gezelenç geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyplary älem syrlarynyň açarlaryny özünde jemleýän, ylym-bilimiň, döredijiligiň hazyna gory bolan kitaphanamyza yzygiderli gatnap, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp kitaplaryny hem-de ylym-bilimiň dürli pudaklaryna degişli bolan kitaplary uly höwes bilen okaýarlar. Kitap okamak talyplaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär. Çünki älem syrlarynyň açary mukaddes kitaplarda jemlenendir.

Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.