logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP BAR ÝERINDE SAGDYN DÜŞÜNJELI NESIL KEMALA GELÝÄR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi Aşgabat şäheriniň 27-nji çagalar bagynda “Kitap bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara durmuşy, jadyly-hyýaly ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi, merdanalygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri hakyndaky ertekiler, rowaýatlar labyzly okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Kitap sergisi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgi döretdi. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň - jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol ýörelgedigi hakynda maslahatlar berildi.
Sergä gatnaşanlar bagtyýar çagalarymyzy milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.