logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Türkmenistanyň Inžener-Tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamagynda «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen Watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp, köp alkyş sözlerini aýtdylar.