Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Kitap bilim hazynasy» atly täze kitaplar barada söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz, kitabyň jadyly dünýädigini we onda sözleriň gudraty bilen bilelikde akyl-paýhasa baýdygyny belläp geçdiler. Magtymguly atamyzyň «Kitap okan gullar magnydan dokdyr» diýmegi hem şondandyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşlaryň ylyma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesinde möhüm orun degişlidir. Ýaşlarymyz kitap söýmelidirler. Kitap geljegimiziň nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr». Diýmek, ruhy dünýämiziň kämil bolmagy üçin okamaly, okamaly ýene-de bir gezek okamalydygyny hünärmenimiz okuwçylara belläp geçdi. Söhbetdeşligimiziň dowamynda hünärmenlerimiz «Kitap geljege nur» atly täze gelen kitaplara bagyşlanyp sergisini gurnady. Bu sergide çagalar täze kitaplar bilen tanyşyp,uly höwes bilen okap öz aralarynda gyzykly sorag jogaplary alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.