Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleriniň guramagynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda körpeleriň gatnaşmagynda “Kitap - bilimiň açary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Onda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, ene-mamalarymyzdan galan milli mirasymyz bolan alajadyr, el-işlerimiziň gymmaty barada täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.