logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP BILIMIŇ AÇARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Altyn damja» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap bilimiň açary» atly kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara kitabyň adamzadyň ýol görkezijisidigini , durmuş synaglarynyň çözgütleriniň açarydygyny, ynsanyýetiň iň ýakyn syrdaşydygyny, kitap bilen durmuşa düşünilýändigini giňişleýin gürrüň berildi. Çagalara kitap okamagyň adamyň aň-düşünjesine, ýatkeşligine we üns jemleýiş ukybyna oňyn täsir edýändigini, şonuň üçin her bir adam kitap okamak endigini ösdürmelidigini maslahat berildi.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy.

Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.