logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap-bilimleriň çeşmesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watana, halka, asylly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.Ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek,ylmy edebiýatlar hakynda düşündirmek mugallymlaryň we kitaphana işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi.Türkmen halkynyň kitaba sarpa goýmak,bilim öwrenmek ýaly iň gowy häsiýetleri bu günki günde hem ösdürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ugurlaryň durmuşa geçirilýändigini,okyjylara giň mümkinçiligiň döredilýändigini nygtap geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.