logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap biziň dostumyz

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda 142-nji çagalar bagynda « Kitap biziň dostumyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitap okamagy, bilimler dünýäsine aralaşmagy, giň dünýä garaýyşly bolmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap okamak bilen, çagalar onda gürrüň edilýän wakalaryň suratlary bilen gyzyklanyp, jadyly dünýä syýahat edýändikleri barada beýan etdiler we “Ýartygulak” atly türkmen halk ertekisinden çeper okap berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi barada alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.