logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap - çagalaryň iň ýakyn dosty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 115-nji çagalar bagynda «Kitap - çagalaryň iň gowy dosty» ady bilen ertekili kitaplar esasynda sesli okaýyş geçirildi.

Körpeje nesilleriň arasynda geçirilen sesli okaýyşda halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýandygy şeýle hem, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de çagalara ertekileriň üsti bilen onuň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşplerini öwrenmäge, ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşmaklaryny ündediler.

Geçirilen sesli okaýyşyň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.