logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP ÇAGANYŇ GÖWÜN GUŞY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” sagaldyş dynç alyş merkezinde “Kitap çaganyň göwün guşy” atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi.

Bagtyýar çagalarymyz berkarar döwletimiziň, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir. Çünki bu ajaýyp Diýarymyzda çagalar hakynda uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny göwnejaý we oňat geçirmekleri şeýle hem kitaba bolan söýgüni döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomusky dynç alyş günlerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri, çeper okaýyşlary, ertirlikleri geçirýärler. Bu ýerde kitaphanaçylar türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berdiler. Bu kitaplar bolsa çagalara mahsus oňat häsiýetleri oýarmaga uly gollanma bolup durýar.

Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalarynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!