logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap dostlugyň açary

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar üçin “Kitap dostlugyň açary” atly söhbetdeşlik agşamyny gurnadylar. Bagtyýar çagalaryň dynç alyş döwründe her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilip, hyýaly başdan geçirmelere baý bolan kitaplary okamaklyk, kitaply dünýä syýahat etmeklik bilen wagtlaryny has-da täsirli geçirmäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykan eserleri uly joşgun bilen okalyp, edilen gürrüňler, çeper okaýyşlar, şeýle-de türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň üsti bilen görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy.

Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziniň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.